Afrikada 2023-nji ýylyň iň gowy oýunçysy saýlandy

  • 14.12.2023 16:36
  • 6.8k+

Nigeriýanyň milli ýygyndysynyň we Italiýanyň «Napoli» toparynyň hüjümçisi Wiktor Osimhen Afrika futbol konfederasiýasyna (CAF) görä, Afrikanyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi.

«CAF Awards 2023» baýragynyň gowşurylyş dabarasy 11-nji dekabrda Marokkanyň Marrakeş şäherinde geçirildi. Osimhen 2023-nji ýylda «Napoli» toparyna 1990-njy ýyldan bäri ilkinji gezek Italiýanyň çempionlygyny gazanmaga kömek etdi.
Şeýle hem bu baýraga «Liwerpulyň» müsürli hüjümçisi Mohamed Salah we «Pari Sen-Žermenden» marokkoly Aşraf Hakimi dalaşgärlige hödürlenipdi.
Marokkanyň milli ýygyndysynyň ýolbaşçysy Walid Regragi ýylyň iň gowy tälimçisi diýlip ykrar edildi. Hünärmen ilkinji gezek afrikan milli ýygyndysyny dünýä çempionatynda üçünji orun ugrundaky duşuşyga çenli alyp gitdi, şonda marokkolylar 1:2 hasabynda horwatlardan utuldylar.


düýn 23:07
2.5k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.8k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....