Madridiň «Atletikosy» satuwa çykaryldy

  • 12.12.2023 16:05
  • 14k+

La Sexta -nyň habaryna görä, Madridiň “Atletiko” klubyny satuwa goýmak işi başlandy.

"Atletiko" -nyň baş müdiri Migel Anhel Hil Marin klubyň prezidenti Enrike Sereso bilen bilelikde kluby satmak işine başlady. Olar “Atletiko” -nyň paýnamalarynyň 65 göterimine eýeçilik edýärler.
Çeşmäniň berýän habaryna görä, ilkinji duşuşyklar eýýäm boldy. Madridiň klubyny satyn alyp biljek, “Maýami Dolfins” NFL toparynyň eýesi Stiwen Ross bu iş bilen çynlakaý gyzyklanýan amerikan telekeçisidir.
Häzirki wagtda Madridiň “Atletiko”-sy 34 utuk bilen Ispaniýanyň çempionatynda dördünji orunda barýar. Indiki tapgyrda topar bilbaoly “Atletik” bilen duşuşar. Oýun 16-njy dekabrda geçiriler.
Çempionlar ligasynda topar 11 utuk bilen öz toparynyň ýaryş sanawynda bir özi öňde barýar.


düýn 23:07
2.8k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.7k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.8k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....