Suarez Braziliýanyň çempionatynyň iň gowy oýunçysy hökmünde saýlandy

  • 10.12.2023 23:52
  • 12k+

«Gremio» toparynyň urugwaýly hüjümçisi Luis Suares Braziliýanyň futbol boýunça çempionatynyň 2023-nji ýyldaky iň gowy oýunçy baýragyna mynasyp boldy.

36 ýaşly hüjümçi Braziliýanyň «Seriýa A» çempionatynyň iň üstünlikli oýunçysy boldy, ol 33 oýunda 17 pökgi geçirip, 11 ýardam pasyny berdi.
Möwsümiň ahyrynda «Gremio» 68 utuk toplap, Braziliýanyň çempionatynda ikinji ýeri eýeledi.
Suares ozal şertnamasy 2024-nji ýylyň ahyryna çenli dowam etse-de, «Gremiony» möwsümiň ahyrynda terk etjekdigini aýdypdy. Habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, urugwaýly hüjümçi MLS-iň «Inter Maýami» toparyna geçer we «Barselonadaky» öňki topardaşy argentinaly Lionel Messi bilen täzeden bir toparda çykyş eder. Suares tomusda Messi we braziliýaly Neýmar bilen karýeralaryny bir toparda tamamlamak barada ylalaşandygyny habar beripdi.


düýn 23:07
2.4k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.8k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....