2029-njy ýylyň ahyryna çenli dünýäde 5G ulanyjylaryň sany 5,3 milliarddan geçer

  • 07.12.2023 16:07
  • 4.8k+

2029-njy ýylyň ahyryna çenli dünýäde 5G ulanyjylaryň sany 5,3 milliarddan geçer we her smartfon üçin ortaça aýlyk maglumatyň sarp edilişi 21 GB-dan 56 GB-a çenli ýokarlanar, Ericsson Mobility Report-yň 2023-nji ýylyň noýabr aýyndaky hasabatynda şunuň ýaly hasaplamalar görkezilýär.

Şeýle hem, 2029-njy ýylyň ahyryna çenli dünýä ilatynyň 85 göterimi 5G ulgamyna girip biler. 2023-nji ýylyň ahyryna çenli ykdysady kynçylyklara we geosyýasy tolgunyşyklara garamazdan, ykjam aragatnaşygyň dünýädäki her bäş abonentiniň biri diýen ýaly 5G-e birikdiriler. 2023-nji senenama ýylynda 5G-iň täze 610 million  ulanyjysy hasaba alnar, bu 2022-nji ýyldakydan 63 göterim köpdür, netijede dünýädäki ulanyjylaryň umumy sany 1,6 milliarda ýeter, bu bolsa öňünden çak edilişinden 100 million köpdür. Kompaniýanyň 2023-nji ýylyň noýabr aýyndaky hasabaty ykjam giň zolakly aragatnaşyk, simsiz giriş, oýun hyzmatlary we AR / VR esasly  hyzmatlaryň 5G üçin iň köp ulanylýan ýagdaýdygyny tassyklaýar.
Demirgazyk Amerika 5G ulanmakda öňdebaryjy bolup galýar: 2023-nji ýylyň ahyryna çenli sebit dünýäde 5G-iň iň ýokary derejede ornaşan ýeri - 61 göterim bolar diýlip garaşylýar.

düýn 20:49
1.2k+

Ilon Mask SpaceX üçin bütin dünýäde kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak barada meýilnamasyny yglan etdi

SpaceX kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask ABŞ-da we beýleki ýurtlarda täze kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak meýilnamasyny yglan etdi. Kompaniýa raketa uçuryşlarynyň sanyny ep-esli artdyrmakçy bolýar....

düýn 14:30
3.5k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......

düýn 11:43
1.5k+

Curiosity-niň we Perseverance-iň täze panoramalary Marsyň hemme ýeriniň gyradeň däldigini ýüze çykardy

Curiosity we Perseverance mars rowerleri Ýere täsirli täze panoramalary iberdiler, olarda Marsyň landşaftynyň haýran galdyryjy derejede dürlüdigini aýdyň görkezdi....

düýn 06:43
4.9k+

NASA Argentinada ägirt uly ýürek şekilli reňkli köli görkezdi: ýöne onuň reňki näme sebäpden gülgüne?

NASA Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatyndaky Salinas-Las-Barrankas duzly howdanynyň gaýtalanmajak suratyny çap etdi. Giňligi takmynan 10 kilometre barabar bolan we ýürek şekilini ýatladýan bu suw howdany......