Lew Ýaşin hakyndaky film Italiýada sport kinosynyň festiwalynda baş baýraga mynasyp boldy

  • 29.11.2023 08:50
  • 6.4k+

“Lew Ýaşin. Meniň arzuwymdaky derwezeban” filmi Italiýada geçirilen  “Paladino d’Oro Sport Film Festival” atly halkara sport kinosynyň festiwalynda baş baýraga eýe boldy. Filmiň režissýory Wasiliý Çiginskidir diýip, championat.com habar berýär.

Bu festiwala 40 ýurtdan 150-den gowrak film gatnaşdy.
Lew Ýaşin hakyndaky filmiň premýerasy Russiýada 2019-njy ýylyň noýabr aýynda boldy. Film hakyky wakalara esaslanyp, sowet döwrüniň meşhur derwezebanynyň ömri we sport karýerasy barada gürrüň berýär.
Ýaşin futbol taryhynda “France Football” neşiri tarapyndan ýylyň iň gowy oýunçysyna berilýän “Altyn topy” alan ýeke-täk derwezebandyr. Ady rowaýata öwrülen “Dinamonyň” futbolçysynyň hormatyna iň gowy derwezeban üçin baýrak atlandyryldy.
Öň, Ýaşin ChatGPT-niň wersiýasyna görä ähli döwrüň iň gowy derwezebanlarynyň ilkinji onlugynda birinji orny eýeledi.


düýn 23:07
2.4k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.8k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....