Ýewro – 2024-iň saýlama ýaryşynyň bije çekişligi geçirildi

  • 25.11.2023 11:35
  • 18k+

Ýewro – 2024-iň saýlama ýaryşynyň pleý-off tapgyrynyň bije çekişligi geçirildi.

Ýarym final oýunlaryna çykmak üçin toparlar üç toparça bölündi. «A» toparçada Polşa Estoniýa bilen, Uels bolsa Finlýandiýa bilen oýnar.
«B» toparçada Ukrainanyň milli ýygyndysy Bosniýa we Gersegowina bilen duşuşar. Şeýle hem şol toparçada Ysraýylyň we Islandiýanyň milli ýygyndylary finala çykmak üçin güýç synanyşarlar.
«C» toparçada bolsa Gruziýa bilen Lýuksemburgyň arasynda duşuşyk geçirer. Olar bilen birlikde, Gresiýa we Gazagystan hem Ýewro – 2024-e gatnaşmak üçin bäsleşerler.
Ýarym final oýunlary 2024-nji ýylyň 21-nji martynda geçiriler. Ýewro – 2024-e gatnaşmak üçin ýeňijileriň esasy oýunlary 26-njy martda geçiriler.
Ýewropa çempionaty 2024-nji ýylyň 14-nji iýunyndan 14-nji iýuly aralygynda Germaniýada geçiriler.


düýn 23:07
2.4k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.8k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....