EA Sports FC 24 oýnunda wirtual Ýewro-2024 geçer

  • 25.11.2023 06:01
  • 6.6k+

Electronic Arts kompaniýasy EA Sports FC 24 oýnunda wirtual Ýewropa çempionaty-2024-üň geçiriljekdigini yglan etdi. Doly derejeli çäre iýun aýynyň başynda başlar we 14-nji iýundan 14-nji iýul aralygynda Germaniýada geçiriljek hakyky Ýewro-2024 futbol ýaryşyna gabat getiriler. Awtorlar ýaryşa FIFA seriýasyndaky öňki çempionatlara mahsus bolan hakykylyk bilen çemeleşmegi wada berýärler diýip, championat.com belleýär.

16-njy ýanwara çenli futbol simulýatorynda, iň bolmanda, bir oýun oýnaýan geýmerler Ultimate Team režiminde Ýewro-2024-üň alty oýunçysyndan birini alar.

 

Mundan başga-da, geýmerler kibersport Ýewro-2024 ýaryşyna gatnaşyp, wirtual meýdançalarda öz ýurtlaryny görkezip bilerler. Electronic Arts ýakyn aýlarda geljekki uly çäre barada jikme-jik maglumatlary yglan eder.


düýn 23:07
2.4k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.8k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....