Giper — satyjylar hem alyjylar üçin giň mümkinçilikleriň jemlenen ýeri

  • 24.11.2023 11:48
  • 6926
Giper — satyjylar hem alyjylar üçin giň mümkinçilikleriň jemlenen ýeri

Artykmaç çykdajysyz 7/24 işläp durjak onlaýn dükan ýa kafe açmak isleýäňizmi?
Ýöne ýer kärendesine almak, işgär tutmak, eltip bermek hyzmatynyň kynçylyklary ýaly meseleler ünsüňizi bölýärmi?
Aýratyn ykjam goşundy ýa saýt döretmän onlaýn söwda bilen meşgullanmak isleýäňizmi?
Giper onlaýn marketi bu meselelere öz çözgüdini hödürleýär.

Giper — munuň özi dürli kategoriýalarda müňlerçe harydy özünde jemleýän, ykjam goşundy hem saýt arkaly hereket edýän, tiz eltip bermek hyzmatyny hödürleýän onlaýn söwda platformasydyr. Ondan islendik adam işinde we hojalykda gündelik zerur harytlaryny bolşy ýaly, tehnikalaryň dürli görnüşlerini öýde ýa işde oturan ýerinden sargyt edip biler.
Giper onlaýn marketinden diňe bir müşderiler däl, eýsem, telekeçiler hem giňden peýdalanyp biler. Islendik adam Giper-de öz adyna dükan ýa-da kafe açyp biler.

Giper-däki mümkinçilikler bilen tanyş bolalyň:

  • Tölegiň islendik görnüşi kabul edilýär — nagt, kart arkaly, elektron, TmCell tölegler.
  • Dükanlar bölüminde telekeçiler öz harytlaryny  ýerleşdirip, satyş etmäge mümkinçilik alýar. Dükan açylandan soňra, dükan eýelerine sargytlaryny eltip bermek hyzmaty aňsatlaşdyrylan, ýagny satyjy eltip bermek üçin adam gözläp, kelle agyrdyp oturmaly däl. Giper-iň öz işgärleri harydy satyjydan alyp, müşderä eltip berýär.
  • Giper-däki dükanlardan edilen sargytlara terminal arkaly töleg edip bolýar. Munuň üçin Giper-iň işgäri sargydyň gapdaly bilen töleg terminalyny eltip berýär.
  • Tagamlar bölüminde bolsa özbaşdak kafe açyp, tagamlaryňy satyp bolýar.

Bulardan başga-da:

  • Onlaýn marketde harytlaryň bahasy arzan;
  • Gök bölümlerinde önümler hemişe ter;
  • Eltip bermek hyzmaty adaty we ekspress görnüşde hereket edýär. Eltip berijiler jaň edip salgy sorap, müşderini bimaza etmeýär.
  • Barkod okatmak funksiýasy arkaly haryt tapmak has hem ýeňil;
  • Giper-iň üsti bilen Türkiýäniň we Germaniýanyň onlaýn saýtlaryndan sargyt getirip bermek hyzmaty ýola goýlan.
  • Islendik adam Giper ykjam goşundysynda öz mahabatyny ýerleşdirip biler.
  • Giper-iň açyk marketi hem hereket edýär. Ol Aşgabat şäherinde Oguz han şaýolunyň 138-nji jaýynda (Gümmez gurluşyk binasy) ýerleşýär.

Giper ykjam goşundysyny Play Market-de we AppStore-den şu salgylardan ýükläp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin:
+999362244319
Saýt: https://gipertm.com/


22.11.2021 01:13
16056

70%-e çenli: Giper bir hepdeläp «Ajaýyp anna» arzanlaşygyny yglan etdi

Giper onlaýn söwda platformasy tutuş dünýäde meşhur bolan «Ajaýyp anna» arzanlaşygyny yglan etdi. Emma bu aksiýa dünýäde däp bolan arzanlaşykdan tapawutlylykda, bir gün däl-de tutuş bir hepdeläp dowam eder. 70%...

27.09.2021 09:09
11897

Giper onlaýn söwda dükanyndan Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna nobatdaky sowgatly gün

Giper onlaýn söwda platformasy Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli 27-nji sentýabrda sowgatly gününi yglan etdi. 27-nji sentýabrda onlaýn söwda platformasyndaky supermarketlerden 150 manatdan ýokary söwda eden...

20.09.2021 08:11
10953

Giper Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna arzanlaşyk we sowgatly günlerini dowam edýär

Giper onlaýn söwda platformasy Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli 30 günläp yglan eden sowgatly we arzanlaşyk günlerini dowam edýär. TmCars.info 20-nji sentýabrdan başlaýan hepdede onlaýn söwda platformasyndan...

12.09.2021 23:16
13387

Giperden nobatdaky arzanlaşyk we sowgatlar

Giper onlaýn söwda platformasy Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli 30 günläp yglan eden sowgatly we arzanlaşyk günlerini dowam edýär. TmCars.info 13-nji sentýabrdan başlaýan hepdede onlaýn söwda platformasyndan...