Transfermarkt ýaşy 34-den geçen iň gymmat futbolçylaryň sanawyny düzdi

  • 22.11.2023 13:32
  • 17k+

Transfermarkt statistika portaly ýaşy 34-den geçen  iň gymmat on oýunçyny hödürledi.

Reýtingiň başyny 35 million ýewro baha bilen Maýaminiň “Inter” toparynyň hüjümçisi Lionel Messi çekýär.
Reýtingde oýunçylaryň diňe ýarysy iň gowy 5 çempionatda çykyş edýär.
Transfermarkt-yň wersiýasy boýunça dünýäniň 34 ýaşdan uly iň gymmat oýunçylary (bahalar ýewroda görkezilen):

1. Lionel Messi (“Inter” Maýami, 36 ýaş) - 35 million;
2. Robert Lewandowskiý (“Barselona”, 35 ýaş) - 30 million;
3-4. Karim Benzema (“Al-Ittihad”, 35 ýaş) - 15 million;
3-4. Kriştianu Ronaldu (“Al-Nasr”, 38 ýaş) - 15 million; 
5. Tomas Mýuller (“Bawariýa”, 34 ýaş) - 12 million;
6. Luka Modriç (“Real” Madrid, 38 ýaş) - 10 million;
7. Anhel Di Mariýa (“Benfika”, 35 ýaş) - 8 million;
8. Marko Roýs (“Borussiýa” Dortmund, 34 ýaş) - 7,5 million;
9. Genrih Mhitaryan (“Inter”, 34 ýaş) - 6 million;
10. Duşan Tadiç (“Fenerbahçe”, 34 ýaş) - 5,5 million


düýn 10:10
14k+

Tramp Ak tamda Messini kabul etdi we onuň Peleden hem üstündigini ykrar etdi

«Inter Maýami» klubynyň hüjümçisi we kapitany Lionel Messi, Ak tamda geçirilen dabaraly kabul edişlik wagtynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşdy. Çäre klubyň Futbol boýunça ýokary ligasyndaky (MLS) ýeňşine bagyşlanyp geçirildi...

04.03.2026 11:44
8.6k+

«Atletiko» garşy salnan üç gol «Barselonany» ýurduň Kubogynyň finalyna çykaryp bilmedi

4-nji marta geçilýän gije Barselonada Ispaniýanyň Kubogynyň 1/2 finalynyň jogap oýnunda «Barselona» bilen Madridiň «Atletikosy» duşuşdy. Kataloniýalylar 3:0 hasabynda ýeňiş gazandy, emma finala çykmak üçin bu hasap ýeterlik bolmady...

03.03.2026 15:21
6.4k+

Aşgabatda TFF-iň Kubogy ugrundaky ýaryş başlady

Şu gün, 3-nji martda Aşgabatda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) Kubogy ugrunda geçiriljek nobatdaky ýaryş başlandy. 12-nji marta çenli dowam etjek bu ýaryşda sekiz topar çykyş eder. Geçirilen bije çekişligiň...

02.03.2026 18:53
12k+

FIFA-nyň prezidenti jedelli pursatlarda agzyny eli bilen ýapýan oýunçylary meýdançadan çykarmagy teklip etdi

Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino meýdançadaky gapma-garşylykly pursatlarda agzyny elleri ýa-da köýnekçesi bilen ýapýan oýunçylara gyzyl duýduryş karty bermek arkaly jezalandyrmaga çagyrdy...