Honda hereketlendirijisindäki näsazlyk sebäpli 255 müň ulagy yzyna çagyrar

  • 21.11.2023 12:44
  • 9.2k+

«Honda» Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda hereketlendirijini ulanyp bolmajak derejä getirip biljek önümçilik näsazlygy sebäpli awtoulaglarynyň bäş görnüşini yzyna çagyrar.

Töwekgelçilik astyna düşen ulaglar «Pilot» krossowerleri, «Ridgeline» pikaplary we «Odissey» miniwenleridir. Mundan başga-da, ýapon kompaniýasyna degişli bolan «Acura» kysymynyň iki modelinde – «TLX» we «MDX» ulaglarynda kemçilikli V6 hereketlendirijileri oturdyldy.
Iri yzyna çagyryş çäresiniň esasy sebäbi tirsekli walda (kolençatyň wal) önümçilik näsazlygynyň ýüze çykmagydyr. Ol birleşdiriji çybygyň wagtyndan öň könelmegine we ahyrynda döwülmegine sebäp bolup biler. Bu hadysa ýüze çykýança näsaz moordan şübheli sesler gelip biler we hereketlendirijiniň näsazlyk duýduryşy ýanyp biler.
Näsazlygy aradan aýyrmak üçin «Honda-nyň» dilerleri her awtoulagda hereketlendirijini bölekleýin söküp-düzmäge mejbur bolarlar.


01.04.2026 16:47
3.5k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

28.03.2026 13:56
2.3k+

Sony we Honda «Afeela» elektrokaryndan ýüz öwürdiler: onuň üçin eýýäm deslapky töleglerem alnyp başlanypdy

Sony Honda Mobility bilelikdäki kärhanasy «Afeela» elektromobil taslamasynyň ýapylýandygyny yglan etdi. Bu karar Honda-nyň elektrokar ösdürmek baradaky meýilnamalaryna täzeden seretmegi bilen baglanyşyklydyr....

22.03.2026 04:10
2.1k+

Nissan Toyota-nyň mysalyna eýerip, öz Murano modellerini Ýaponiýa ABŞ-dan getirip başlar

Nissan kompaniýasy Amerikanyň Tennessi ştatyndaky zawodda öndürilýän Murano krossowerini Ýaponiýanyň bazaryna ibermek meýilnamasyny yglan etdi. Häzirki wagtda bu model bu ýurtda satylmaýar. Mundan ozal Toyota we Honda kompaniýalary hem meňzeş ädimler barada habar beripdiler...

20.01.2026 11:41
5.2k+

Honda garaža sygýan dört adamlyk futuristik kemperini tanyşdyrdy

Honda kompaniýasy dört adama niýetlenen, geljegiň dizaýnyny ýatladýan Base Station atly kemperini (syýahat tirkegini) köpçülige hödürledi. Esasy aýratynlyklary we dizaýny: Garaža sygyjylyk: Kemperiň ölçegleri ony standart garažda arkaýyn saklamaga mümkinçilik berýär...