Futbolda eminleriň kararyna närazylyk bildirilendigi üçin 10 minutlyk oýundan çykarylma bolup biler

  • 18.11.2023 09:55
  • 23k+

Halkara Futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) oýunçylar üçin eminleriň kararlaryna närazylyk bildirilendigi üçin 10 minutlyk oýundan çykarmak düzgünini girizmek mümkinçiligine seredýär. Bu barada “The Times” gazeti habar berýär diýip, TASS belleýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, bu düzgün professional ligalarda synagdan geçirilip bilner we eminleriň hereketi bilen ylalaşmaýan oýunçylara degişlilikde ulanylar. Habar berlişi ýaly, IFAB regbi tejribesinden peýdalanmagy meýilleşdirýär, bu ýerde eminiň çözgüdine närazylyk bolan ýagdaýynda diňe toparyň kapitany onuň bilen gürleşip bilýär.
Emin bilen jedel eden ýagdaýynda oýunçyny 10 minutlyk oýundan çykarmak çäresi Angliýanyň ýetginjekler ligalarynda ulanylýar. Uly toparlaryň arasynda geçirilýän ýurduň çempionatynda oýunçylar jürlewükden soň eminiň ýanynda iki ýa-da ondan köp adam bolsa, duýduryş alyp bilerler.


düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.7k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....