Grenlandiýanyň demirgazygyndaky deňiz buzluklarynyň göwrümi 45 ýylda 35% azaldy

  • 10.11.2023 08:22
  • 11k+

Ýewropaly klimatologlar Grenlandiýanyň demirgazygyndaky şelf buzluklarynyň göwrüminiň 1978-nji ýyldaky ýagdaý bilen deňeşdirilende 35% azalandygyny, netijede ýakyn onýyllyklarda gury ýer buzluklarynyň ummana “düşmegi” sebäpli deňiz derejesiniň ýokarlanmagynyň çaltlaşmagynyň mümkindigini anykladylar. Alymlaryň netijeleri Nature Communications ylmy žurnalynda ýerleşdirildi.

“Demirgazyk Grenlandiýanyň buzluklary deňiz derejesini 2,1 m ýokary galdyrmak üçin ýeterlik agrama we göwrüme eýe. Häzirlikçe olar şelf buzluklarynyň olary deňze düşmekden saklaýandygy sebäpli durnukly bolup galýarlar. Biziň geçiren gözleglerimiz bu kenarýaka buzluklarynyň göwrüminiň 1978-nji ýyl bilen deňeşdirilende 35%-den gowrak azalandygyny we geljekde deňiz derejesiniň ýokarlanmagyna sebäp bolup biljekdigini görkezdi” – diýlip, gözlegde aýdylýar.

Grenobl uniwersitetiniň (Fransiýa) ylmy işgäri Romen Millanyň ýolbaşçylygyndaky ýewropaly klimatologlaryň topary Grenlandiýanyň demirgazyk bölegini gurşap alýan sekiz sany uly şelf buzluklarynyň ýagdaýlaryny öwrenmegiň dowamynda şeýle netijä geldiler. Häzirlikçe bu buz massiwleri soňky onýyllyklarda meýdan we göwrüm taýdan işjeň azalýan we demirgazyk buzluklaryna garanda iki-üç esse massa ýitirýän günorta goňşulary bilen deňeşdirilende has durnukly hasaplanýar.
Netijede, adanyň demirgazyk kenarlaryndaky deňiz buzluklarynyň göwrümi 445 kub kilometr (443 mlrd tonna suw), olaryň meýdany bolsa 2 müň inedördül km-den gowrak azaldy. Alymlar bu prosesleriň Grenlandiýanyň ähli şelf buzluklarynyň kollapsyna we ýakyn onýyllyklarda we ýüzýyllyklarda deňiz derejesiniň çalt ýokarlanmagyna getirip biljek Arktikada deňiz suwunyň temperaturasynyň ýokarlanmagy bilen ýakyn geljekde çaltlaşmagyna garaşýarlar.


şu gün 12:21
4.6k+

Howanyň üýtgemegi geljekde ýagjak dolyny has iri we howply eder

Hytaýly we amerikaly alymlaryň Nature žurnalynda çap edilen bilelikdäki ylmy barlaglary geljekde dolynyň has iri we howply boljakdygyny, munuň netijesinde dünýä ýüzüne ýetiriljek zyýanyň bolsa 36,5 göterimden......

28.05.2026 11:57
3.8k+

Tomus maýda başlady: Ýewropany anomal yssy gurşap aldy

Günbatar Ýewropa ýurtlary entek tomus başlanmanka anomal yssy howa bilen ýüzbe-ýüz boldular....

26.05.2026 15:47
10k+

Hindi poliseýleri yssy howa sebäpli içi kondisionerli başgap geýýärler

Hindistanda dowam edýän aşa yssy howa zerarly Nýu-Deliniň ýol polisiýasynyň işgärleri içine sowadyş ulgamy gurnalan şlemleri geýip başladylar....

12.05.2026 08:11
3.6k+

Reňkli plastikleriň tozany atmosferany aşa gyzdyryp başlady

Hytaýyň we ABŞ-nyň alymlarynyň bilelikde geçiren barlagy atmosferadaky reňkli plastik bölejikleriniň howanyň üýtgemegine çaklanyşyndan has güýçli täsir edýändigini ýüze çykardy. Barlagyň beýany Nature Climate......