Luis Suares «Inter Maýami» klubuna geçer

  • 05.11.2023 12:23
  • 10k+

«Gremionyň» hüjümçisi Luis Suares “Inter Maýaminiň” oýunçysy bolar. Bu barada ESPN-e salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, urugwaýly hüjümçiniň geçişi eýýäm doly ylalaşyldy. Hüjümçiniň geçýändigi barada ýanwar aýynda yglan ediler. 31-nji dekabrda Suaresiň “Gremio” bilen şertnamasynyň möhleti tamamlanar. Şeýlelikde, hüjümçi amerikan toparyna erkin agent hökmünde geçer.
Ýatlap geçsek, “Inter Maýamä” Suaresiň “Barselonadaky” ýoldaşlary Lionel Messi, Serhio Buskets we Žordi Alba geçipdi.
Suares “Gremio” toparyna “Nasonaldan” geçdi. Onuň braziliýaly topar bilen şertnamasy 2024-nji ýyla çenli niýetlenýär. Öň, ol “Barselonada”, Madridiň “Atletikosynda” we “Liwerpulda” çykyş etdi. Suaresiň häzirki şertnamasynda onuň klub bilen hyzmatdaşlygy möhletinden ir bes edip biljekdigi bellenilýär.
Braziliýanyň Ýokary ligasynyň häzirki möwsüminde Suares 26 oýna gatnaşyp, 10 gol geçirdi we 10 netijeli geçirim etdi. Transfermarkt portalynyň hasaby boýunça, Suaresiň bazar bahasy 4 mln ýewro barabar.


düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.7k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....