Zlatan Ibragimowiç tälimçi hökmünde «Milana» dolanyp biler

  • 02.11.2023 09:24
  • 10k+

“Milanyň” we Şwesiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Zlatan Ibragimowiç tälimçi hökmünde italýan toparyna dolanyp biler. Bu barada Corriere della Sera salgylanyp, Report agentligi habar berýär.

Häzir Ibragimowiç “Milanyň” eýesi Jerri Kardinaleniň teklibi barada pikirlenýär. Ol karýerasyny tamamlandan soň näme bilen meşgullanjakdygy barada heniz karara gelmedi.
Ibragimowiç 2023-nji ýylyň tomsunda karýerasyny tamamlady. Onuň iň soňky kluby “Milan” bolup, onuň düzüminde Italiýanyň çempionatynda ýeňiş gazandy. Şeýle-de, Niderlandlaryň, Ispaniýanyň we Fransiýanyň çempiony boldy.
Ibragimowiç Amsterdamyň “Aýaksyndaky”, ‘Barselonadaky”, Turiniň “Ýuwentusyndaky”, Milanyň “Interindäki”, “Pari Sen-Žermen”, “Mançester Ýunaýted” we “Los Angeles Galaxy” toparlaryndaky çykyşlary bilen bellidir. Ol Şwesiýanyň milli ýygyndysy üçin 122 oýna gatnaşyp, 62 gol geçirdi we 25 netijeli geçirim etdi.
Şwesiýaly hüjümçi oýnuň her minutynda – 1-nji minutdan 90+ minuta çenli – gol geçiren ilkinji futbolçy boldy.


düýn 23:07
1.4k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.7k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....