AFK 2022-nji ýylyň şahsy baýraklaryna dalaşgärleri kesgitledi

  • 30.10.2023 14:44
  • 8.1k+

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy (AFK) AFK-nyň 2022-nji ýyldaky şahsy baýraklaryna dalaşgärleri kesgitledi diýip, guramanyň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Halkara derejesinde «Aziýanyň iň gowy oýunçysy» baýragyna üç dalaşgär hödürlendi. Bu baýraga dalaş edýänleriň arasynda «Portunyň» we Eýranyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Mehdi Taremi, «Braýton end Houw Albionyň» we geçen ýyl Belgiýanyň «Ýunionynda» çykyş eden, Ýaponiýanyň ýarymgoragçysy Kaoru Mitoma we «Bawariýanyň» goragçysy Kim Min Je bar. Günorta Koreýanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy öň «Napolide» we «Fenerbahçada» oýnapdy.
«Aziýada ýylyň iň gowy futbolçysy» kategoriýasynda üç dalaşgär bar: awstraliýaly Metýu Leki (“Melburn Siti”), katarly Almoýez Ali (“Al-Duhail”) we saud arabystanly Salem al-Dawsari (“Al-Hilýal”).
Awstraliýaly futbolçy Samanta Kerr (“Çelsi”), hytaýly futbolçy Çžan Linýan (“Guançžou”, “Uhan”, “Grasshopper”) we ýaponiýaly futbolçy Saki Kumagai (“Bawariýa”) iň gowy zenan futbolçy diýen ugurda dalaşgär görkezildi.


düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.7k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....