Pepe Çempionlar ligasynyň taryhynda iň uly ýaşly meýdança oýunçysy boldy

  • 27.10.2023 15:36
  • 11k+

Portugaliýanyň «Portu» toparynyň goragçysy Pepe Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň çäklerinde Belgiýanyň «Antwerpen» toparyna garşy duşuşykda başlangyç düzümde meýdança çykdy.

Pepe Ýewropanyň esasy futbol ýaryşynyň taryhynda iň uly ýaşly meýdança oýunçysy boldy. Oýun güni onuň ýaşy 40 ýaş 241 güne deňdi. Portugal oýunçy 40 ýaş 211 gün bilen Çempionlar ligasynda oýnan italýan Alessandro Kostakurtanyň we şotland Dewid Weýriň rekordyny täzeledi.
Çempionlar ligasynyň taryhynda iň uly ýaşly oýunçy italýan derwezeban Marko Ballottadyr (43 ýaş 252 gün).
«Portu» «Antwerpeni» 4:1 hasabynda ýeňdi. Pepe ähli 90 minutda hem meýdançada boldy.
Pepe karýerasynyň dowamynda Madridiň «Realynda», Stambulyň «Beşiktaşynda» we «Maritimu» toparynda çykyş etdi.


düýn 21:03
747

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

düýn 15:42
4.8k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
12k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
11k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......