Retkliff «Mançester Ýunaýted» stadionynyň sygymyny 90 müňe ýetirmek isleýär

  • 18.10.2023 18:22
  • 5.9k+

Ineos himiki konserniniň eýesi, iňlis milliarderi Jim Retkliff Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” futbol klubynyň öz öý oýunlaryny oýnaýan “Old Trafford” stadionynyň sygymyny 90 müňe çenli giňeltmekçi. Onuň klub ugrundaky esasy katarly bäsdeşi topary satyn almakdan ýüz öwrensoňб ol şeýle karara geldi. Bu barada “Taýms” gazeti habar berýär.

Retkliff penşenbe güni geçiriljek ýygnakda iňlis futbol klubynyň direktorlar geňeşiniň 1,3 milliard funt sterlinge (1,58 milliard dollar) klubyň 25 göterim paýyny almak baradaky teklibini tassyklamagyna umyt baglaýar. Häzirki wagtda 74 300 orunlyk “Old Trafford” -y gyssagly döwrebaplaşdyrmagyň we giňeltmegiň zerurlygy Retkliffiň iňlis toparynyň häzirki eýeleri, amerikan maşgalasy Gleýzerler bilen gepleşikleriniň möhüm bölegini emele getirendigi çak edilýär.
Kataryň Yslam Bankynyň prezidenti şeýh Jasim bin Hamad Al-Tani tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän konsorsium klub üçin häzirki bahasy 3,2 milliard dollar bolan bazar bahasyndan iki esse köp puly teklip etmäge taýýardy. Şeýle-de bolsa, Gleýzerler, metbugatyň berýän maglumatyna görä, katarlylar üçin kabul ederliksiz şertleri öňe sürdüler.


düýn 23:07
1.4k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.7k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....