Hytaý we Türkmenistan energiýa hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak barada ylalaşdylar

  • 18.10.2023 12:54
  • 5.1k+

Hytaý we Türkmenistan energiýa hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek barada ylalaşdylar.

Duşenbe güni Pekinde Hytaýyň wise-premýeri Din Sýuesýan Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýeti bilen duşuşdy. Duşuşyk sişenbe we çarşenbe günleri geçiriljek «Bir guşak — Bir ýol» atly III Halkara hyzmatdaşlyk forumynyň öňüsyrasynda geçirildi. Türkmen wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň Prezidentiniň nebit we gaz boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew we wise-premýer, Daşary işler ministri Raşid Meredow girýär.
Sinhua habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, Din Sýuesýan Hytaýyň döwlet baştutanlary tarapyndan gazanylan möhüm ylalaşygy doly durmuşa geçirmek, energiýa hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin Türkmenistan bilen işleşmäge taýýardygyny aýtdy.
Türkmen tarapy Aşgabat bilen Pekiniň tebigy gaz pudagyndaky hyzmatdaşlykda oňyn netijelere ýetendigini mälim etdi we Türkmenistanyň ikitaraplaýyn energiýa hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga hem-de iki ýurduň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny nygtady.


düýn 15:42
787

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......

düýn 15:09
812

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

düýn 08:12
1.7k+

Türkmenistanyň Ilçisi Moldowa Respublikasynyň DIM-iniň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

28-nji aprelde Kişinýewde iş sapary bilen bolan Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Ilçisi T.Ataýew (oturýan ýeri Kiýew şäheri) Moldowanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary S.Mihow we......

düýn 07:36
872

Müsür Arap Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

28-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Hamdy Şaaban Abdelhalim......