Klimatyň üýtgemegi sebäpli tebigy betbagtçylyklardan ýeten global zyýan hasaplandy

  • 12.10.2023 08:27
  • 22k+

Täze Zelandiýadaky Wellington uniwersitetiniň alymlary dünýäde global ýylama bilen baglanyşykly çykdajylaryň artmagy barada ilkinji gözlegi geçirdiler. Olaryň hasabyna görä, soňky 20 ýylda adatdan daşary howadan ýetýän zyýan sagatda 16 mln dollara barabar diýip, MIR 24 habar berýär.

2000-nji ýyldan 2019-njy ýyl aralygynda dünýä ýurtlary klimatyň üýtgemegi sebäpli ortaça 140 mlrd dollar ýitirdiler. Anyk mukdar ýyla baglylykda 60 – 230 mlrd dollar aralygynda üýtgeýär. Iň uly zyýan 2003-nji ýylda, Ýewropanyň adatdan daşary yssy howadan ejir çeken wagty, şeýle-de 2010-njy ýylda, Russiýa ýylylyk tolkunlaryny başdan geçiren wagty, Somalide bolsa güýçli gurakçylyk ýüze çykan wagty ýetdi. 2005-nji we 2017-nji ýyllarda ABŞ-daky tupanlar weýran edilen we zeper ýeten emläklerden uly ýitgilere getirdi. 2022-nji ýylda zyýanyň mukdary 280 mlrd dollar boldy.
Çykdajylaryň üçden iki bölegi ýitirilen adam janlarynyň, galan bölegi zeper ýeten emläkleriň paýyna düşdi. Klimat çykdajylarynyň üçden iki bölegi tupanlar bilen baglanyşykly bolup, ýylylyk tolkunlary zyýanyň 16%-ine, suw joşgunlary we gurakçylyk bolsa 10%-ine jogapkärdir.
Gözlegiň awtorlarynyň belleýşi ýaly, garyp ýurtlar barada maglumatlar ýeterlik bolmansoň, olaryň ýitgi baradaky hasaplary hakykatdan ep-esli pes bolup biler. Mundan başga-da, hasyllylygyň peselmegi we deňiz derejesiniň ýokarlanmagynyň netijeleri ýaly baglanyşykly ýitgiler hasaba alynmady diýip, “The Guardian” ýazýar.


18.06.2026 09:51
2.7k+

ÝUNISEF: Bir milliarddan gowrak çaga howa şertleriniň howpuny başdan geçirýär

Tutuş dünýäde bir milliarddan gowrak çaga birbada yssy howanyň, guraklygyň, suw joşgunlarynyň, tupanlaryň we tokaý ýangynlarynyň netijelerine duçar bolýar. Bu barada  ÝUNISEF-iň beýannamasyna salgylanýan The......

17.06.2026 11:21
3.7k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

15.06.2026 12:26
925

Türkmenistanyň wekiliýeti Bonndaky klimat maslahatyna gatnaşýar

Daşary gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň kömekçi düzümleriniň 64-nji mejlisine (UNFCCC SB64)......

09.06.2026 15:05
10k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......