Runi MLS-däki klubuň tälimçisi wezipesinden boşadyldy

  • 12.10.2023 08:22
  • 8.3k+

«Mançester Ýunaýtediň» öňki hüjümçisi Ueýn Runi «Di Si Ýunaýted» amerikan klubynyň baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy. Bu barada toparyň resmi web sahypasynda habar berildi.

«Biz Ueýn bilen gürleşdik we häzir ýolumyzy aýyrmagyň biziň üçin has gowudygy hakynda netijä geldik. Biziň oňa klubumyz we ýurduň paýtagtyndaky futbol üçin ilki «Di Si Ýunaýtediň» oýunçysy we kapitany hökmünde, soňky döwürde bolsa tälimçimiz hökmünde eden ähli işleri üçin minnetdar» diýip, klubyň baş direktory Jeýson Lewin belledi.

Onuň ýolbaşçylygynda topar 53 duşuşyk geçirdi, 14 gezek ýeňiş gazandy, 13 gezek deňme-deň oýnady we 26 oýunda utuldy. Topar MLS-iň 34 tapgyryndan soň jemi 29 ornuň 20-nji ýerinde durýar.
Runi 2022-nji ýylda amerikan klubyna ýolbaşçylyk edip başlady. ABŞ-a göçmezden ozal, Angliýanyň «Derbi Kanuti» toparynda ilki baş tälimçiniň wezipelerini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bolup işledi, soň bolsa toparyň doly derejeli baş tälimçisi wezipesini eýeledi. Oýunçy hökmünde 2018-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli «Di Si Ýunaýtedde» çykyş etdi. Hüjümçi karýerasynyň köp bölegini «Mançester Ýunaýtedde» geçirdi (393 oýun). Ol bäş gezek Angliýanyň çempiony we 2008-nji ýylda Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy.


düýn 23:07
2.5k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.8k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....