Eden Azar professional karýerasyny tamamlady

  • 10.10.2023 17:02
  • 19k+

Madridiň “Realynyň” öňki futbolçysy Eden Azar professional karýerasyny tamamlady. Bu barada championat.com habar berýär.

“Gerek wagty diňlemegi we “dur” diýmegi başarmaly. 16 ýyldan we 700-den gowrak oýundan soň men professional futbol karýeramy tamamlamak kararyna geldim. Men tutuş Ýewropa we dünýä boýunça oýnamak arzuwymy hasyl etdim. Karýeramyň dowamynda ajaýyp adamlar, menejerler, tälimçiler, topardaşlar bilen tanyşdym. Men, aýratynam, oýnan klublaryma minnetdarlyk bildiresim gelýär: “Lill”, “Çelsi” we Madridiň “Realy”. Elbetde, Belgiýanyň milli ýygyndysyna-da minnetdarlyk bildirýärin. Durmuşymyň gowy we kyn döwürleri ýanymda bolan ýakynlaryma, dostlaryma, maslahatçylara we adamlara aýratyn sagbolsun aýdýaryn. Häzire çenli meniň bilen bolan muşdaklarym, siziň meniň oýnan her bir ýurdumdaky goldawyňyz üçin köp sagboluň. Ýakyn adamlarymdan lezzet almagyň we täze täsirleri gazanmagyň wagty geldi. Tiz wagtdan meýdançadan daşary görüşeris” – diýip, Azar sosial ulgamynda ýazdy.


düýn 23:07
2.5k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.8k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....