Halkara energetika agentligi gazylyp alynýan ýangyja bolan islegi 2030-njy ýyla çenli 25% azaltmaga çagyrýar

  • 28.09.2023 12:05
  • 8.1k+

Global maýlamaklygyň öňüni almak üçin, onýyllygyň ahyryna çenli gazylyp alynýan ýangyçlara bolan islegi 25% azaltmaly diýip, Halkara energetika agentliginiň habarnamasynda aýdylýar.

2030-njy ýyla çenli kömre bolan isleg 2022-nji ýylda 5,8 milliarddan bolanlygyndan 3,25 milliard tonna çenli, nebite islegi - günde 100 million b / g bolanlygyndan 77 million barrele (b / d) çenli, tebigy gaza bolan islegi bolsa ýylda 4,15 trillion kub metr bolanlygyndan 3,4 trilliona çenli azaltmaly.
2050-nji ýylda gazylyp alynýan ýangyja bolan islegiň jemi azaldylyşy eýýäm 80% bolmaly.
2030-njy ýyla çenli arassa energiýa maýa goýumlary 2,5 esse - şu ýyl 1,8 trillion dollar bolanlygyndan 4,5 trillion dollara çenli ýokarlandyrylmaly.
HEA degişli görkezijilere ýetmek üçin berk we täsirli syýasat gerek bolar diýip hasaplaýar. Ýogsam, global maýlamaklygy senagatdan öňki derejelere görä 1,5 dereje Selsiýada çäklendirip bolmaz.
Şeýle syýasatyň durmuşa geçirilmegi gijikdirilen ýagdaýynda 2050-nji ýyldan soň howadan kömürturşy gazyny çykarmak üçin ep-esli çykdajy - ýylda 1,3 trillion dollar töweregi çykarmaly bolar diýip, guramanyň hasabatynda bellenilýär .
Ýurtlaryň hökümetlerini zyňyndylary azaltmak babatda gyssagly çäreleri görmäge çagyrmak bilen birlikde, HEA energiýa ýetmezçiliginiň we bahalaryň ýokarlanmagynyň öňüni almak maksady bilen şol bir wagtda arassa energiýa üpjünçiligini artdyrmagyň zerurdygyny nygtady.


20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......