Messi ABŞ-da geçiriljek Amerikanyň kubogy – 2024 ýaryşyna gatnaşmagy maksat edinýär

  • 23.09.2023 09:44
  • 13k+

“Inter Maýaminiň” hüjümçisi Lionel Messi Argentinanyň milli ýygyndysy bilen 2024-nji ýylda geçiriljek Amerikanyň kubogyna gitmek isleýändigini aýtdy diýip, championat.com habar berýär.

“Men 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda oýnajakdygymy bilemok, men bu barada öňem aýdypdym. Men ýaryşa heniz wagtyň köp bolandygy üçin bu barada pikirlenmeýärin, häzirlikçe Amerikanyň kubogy hakda pikir edýärin.

Maksat – ABŞ-da geçiriljek Amerikanyň kubogyna gatnaşmak. Muny etmek gowy bolardy, biz eýýäm ABŞ-da Amerikanyň kubogynda oýnadyk, bu diýseň gowy boldy. Finalda utulsak-da, ýaryş biziň göwnümizden turdy: stadionlar, atmosfera, gezelençler” – diýip, “Infobae” Messiniň sözlerini getirýär.
2024-nji ýylda Amerikanyň kubogy ABŞ-da geçiriler. Ýaryşyň açylyş dabarasy 20-nji iýuna meýilleşdirilýär. Final 14-nji iýulda bolar. Ýaryşa jemi 16 topar gatnaşar (on günorta amerikan we alty demirgazyk amerikan topary).
Häzirki möwsümde Messi ABŞ-da 12 oýna gatnaşyp, 11 gol girizdi we 5 netijeli geçirim etdi.


şu gün 16:18
1.6k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
5.7k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.4k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.8k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....