22:00-da: Apple şu gün iPhone 15-i we beýleki enjamlaryny tanyşdyrar

  • 12.09.2023 17:17
  • 26k+

Şu gün Apple-iň güýzki tanyşdyrylyşy bolar, onda iPhone 15-iň hataryndaky täze smartfonlar we beýleki täze önümler görkeziler.

Tanyşdyrylyş çäresi 12-nji sentýabrda Aşgabat wagty bilen 22:00-da başlar.
Tanyşdyrylyş çäresi şu ýaýlymlar arkaly görkeziler: 

Däp bolşy ýaly, tanyşdyrylyşyň esasy ýyldyzlary smartfonlar bolmaly. Daşyndan olar iPhone 14 setirine meňzeş bolsa gerek, ýöne gyralary tegelek bolar. Esasy tapawut - ähli wersiýalarda USB-C-iň peýda bolmagy, şeýle hem soňky modellerde Dynamic Island bolar.
Myş-myşlara görä, iPhone 15 Pro Max-da täze 48 megapiksellik kamera ulanylar. IPhone 14 Pro Max-da ulanylýan Sony IMX803 datçigi bilen deňeşdirilende, iPhone 15 Pro Max-iň esasy kamerasy ep-esli täzelendi. Takmynan 1 dýuýmlyk optiki formatda Sony IMX903 datçigini ulanýar. Täze datçik giňeldilen dinamiki diapazony, ýagtylyga duýgurlygy we galmagalyň peselmegini üpjün eder. Mundan başga-da, diňe iPhone 15 Pro Max periskop modulyny alar.
Şeýle hem, bu çärede Apple Watch Series 9-yň, Apple Watch Ultra 2-niň we USB-C bilen enjamlaşdyrylan täze AirPods Pro-nyň bildiriş edilmegine garaşylýar.


düýn 18:15
1.8k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.8k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.4k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......