Liwiýada suw joşmasynda heläk bolanlaryň sany 3 müňden geçdi

  • 12.09.2023 16:57
  • 42k+

Liwiýada ýurduň gündogarynda dörän “Deniel” tupanynyň getiren suw joşmasy sebäpli 3000-den gowrak adam heläk boldy diýip, hökümetiň saglyk ministri Osman Abdul Jelil habar berdi. Bu barada Anadolu habar berýär. Onuň sözlerine görä, ölenleriň köpüsi Derna şäherinden.  

AP-yň habaryna görä, tupan Liwiýanyň gündogaryndaky birnäçe şäherde güýçli çabganyň gelmegine we suw joşmalaryna sebäp bolupdyr, aýratynam, Derna iň agyr zarba urupdyr, suw bentlerden geçip, tutuş mähelleleri ýuwup äkidipdir. Liwiýanyň resmi adamlarynyň aýtmagyna görä, ýurduň gündogar sebitlerine kyrk ýyldan gowrak wagtyň içinde iň köp ygal düşüpdir. Derna bilen birlikde Bengazi, Al-Baýda, Al-Marj we Susa şäherlerine uly zeper ýetipdir.
Halkara Gyzyl Haç guramasy, takmynan, 10 müñ adamyň dereksiz ýitendigini çaklaýar. Bu barada Liwiýanyň guramadaky wekili Tunisden wideo aragatnaşyk  arkaly žurnalistlere habar berdi. Pidalaryň sanynyň müňlerçe bolup biljekdiginiň alada goýýandygyny mälim etdi.
Liwiýanyň Milli Bitewilik hökümetiniň premýer-ministri Abdulhamid Dibeýbe heläk bolanlaryň hatyrasyna üç günlük ýas yglan etdi.


20.06.2026 14:57
7.2k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.4k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.9k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....