Forbes žurnaly iň gymmat sport klublarynyň sanawyny çap etdi

  • 11.09.2023 10:59
  • 9.2k+

Milli Futbol Ligasynda (NFL) çykyş edýän amerikan futbolynyň “Dallas Kowboýz” kluby dünýäde iň gymmat sport franşizasydyr. Onuň bahasy 9 milliard dollar diýip bahalandyrylýar. Bu barada Forbes žurnaly dünýädäki iň gymmat klublarynyň ýyllyk sanawynda habar berýär.

Sanawyň lideri 2016-njy ýyldan bäri öňdeligi eýeläp gelýär. Ikinji orny beýsbolyň esasy ligasynda (MLB; 7,1 milliard dollar) oýnaýan “Nýu-Ýork Ýankiz” beýsbol kluby eýeledi. Üçünji orunda Milli basketbol birleşiginiň (NBA) “Golden Steýt” kluby we NFL-iň “Nýu Inglend Petriots” kluby (hersi 7 milliard dollar) durýar. Bäşinji orundan sekizinji orna çenli NFL-iň “Los Anželes Rems” (6,9 milliard dollar), “Nýu-Ýork Jaýants (6,8 milliard dollar), “Çikago Bears” (6,3 milliard dollar) we “Las Wegas Reýders” (6,2 milliard dollar) klublary eýeledi. “Nýu-Ýork Niks” (NBA) bilen “Nýu Ýork Jets” (NFL) hersi 6,1 milliard dollar bahasy bilen dokuzynjy orny paýlaşdy.
Ilkinji Ýewropa kluby Ispaniýanyň “Real”-y (11-nji ýer; 6,07 milliard dollar) boldy. Şeýle-de, iň gymmat futbol klublarynyň arasynda ilkinji üçlüge “Mançester Ýunaýted” (13-nji ýer; 6 milliard dollar), “Barselona” (18-nji ýer; 5,508 milliard dollar) girdi. “Formula 1” klasly ulaglaryň ýaryşy boýunça dünýä çempionatynyň  toparlary bolan “Ferrari” (3,9 milliard dollar) we “Mersedes” (3,8 milliard dollar) degişlilikde 45-nji we 47-nji ýerde durýarlar. Sanawa  NFL-iň 31 topary girdi, Milli hokkeý ligasynyň ýekeje topary hem ýok.


düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.7k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....