Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasy açyldy

  • 07.09.2023 18:36
  • 6.6k+

Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisi resmi taýdan açyldy diýip, TASS habar berýär. Halkara ýagdaýyna garaýyşlaryny hödürlemek we ählumumy kynçylyklara garşy göreşmegiň ugurlaryny kesgitlemek üçin dünýäniň çar künjeginden ýygnanjak ýolbaşçylary we daşary işler ministrleri bilen 19-25-nji sentýabr aralygynda geçjek ýokary derejeli hepde täze sessiýanyň esasy çäresi bolar.

Mejlisiň açylyşynda onuň başlygy, Trinidad we Tobago respublikasynyň diplomaty Dennis Fransis kasam kabul etdi we borçlaryny adalatly hem-de garaşsyz ýerine ýetirjekdigini aýtdy.

"78-nji mejlisiň kynçylyklara netijeli jogap bermegi üçin dört sany ileri tutulýan ugry belledim. Bular - parahatçylyk, abadançylyk, ösüş we durnuklylyk."

Ýokary derejeli hepdä çenli Baş Assambleýa gün tertibini tassyklamak we komitet döretmek ýaly tehniki meseleler boýunça mejlisler bilen dowam eder.
Däp boýunça ýokary derejeli hepdäniň özi Braziliýanyň prezidenti Luis Inasio Lula da Silwanyň çykyşy bilen açylar. Ondan soň ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden söz sözlär. Baýden şu ýyl BMG-niň Baş Assambleýasyna gatnaşmaly “Uly bäşligiň” liderlerinden ýeke özi bolar. Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Hytaýyň we Fransiýanyň liderleri şu ýyl Nýu-Ýorka barmagy meýilleşdirmeýärler.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......