Basketbol boýunça dünýä çempionatynyň ähli çärýek finalçylary mälim boldy

  • 04.09.2023 14:43
  • 5.2k+

Ýaponiýada, Indoneziýada we Filippinlerde geçirilýän basketbol boýunça dünýä çempionatynyň (Dünýäniň Kubogy) ikinji toparçalaýyn tapgyry tamamlandy. Dünýäniň häzirki çempiony bolan ispanlar 1/4 finala çykyp bilmediler.

Pleý-off oýunlary Italiýa – ABŞ, Germaniýa – Latwiýa, Litwa – Serbiýa we Kanada – Sloweniýa jübütleriniň arasynda geçiriler.
Dünýä çempionatynda ilkinji gezek çykyş edýän Kanada we Latwiýa «L» toparçadan pleý-off tapgyryna çykdylar.
Duşuşyklar 5-nji we 6-njy sentýabrda geçiriler.
Final duşuşygy 10-njy sentýabrda bolar.

şu gün 00:19
499

Enso Ferrariniň şahsy kostýumyny auksionda 200 müň dollara satmak isleýärler

Ferrari kompaniýasynyň esaslandyryjysy Enso Ferrariniň kostýumyny RM Cavallino Palm auksionynda satmak meýilleşdirilýär. Bu barada Road & Track neşiri habar berýär. Kostýum 1979-njy ýylda Ferrari brendiniň ady rowaýata öwrülen esaslandyryjysynyň hut özi tarapyndan sargyt edilipdir...

düýn 16:20
1.4k+

FIFA: Şu gyşda klublar transferler üçin 1,9 mlrd dollar sarp etdi

Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) habar bermegine görä, professional erkekler futbol klublary ýakynda tamamlanan ýanwar aýynyň transfer penjiresinde 1,9 mlrd dollardan gowrak sarp etdi. Ýanwar aýynda 5 900-den gowrak halkara transferi hasaba alyndy...

düýn 15:41
2.4k+

Küşt hem girdejili sport. Magnus Karlsen 2025-nji ýylyň iň köp girdeji gazanan küştçüsi boldy

Norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça iň köp pul baýragyny gazanan küştçüleriň sanawynda birinji orna çykdy. Bu reýting eýýäm yzygiderli ikinji ýyl «Forbes Sport» neşiri we «Chess Plus» media taslamasy tarapyndan taýýarlanyldy...

düýn 13:10
4.2k+

Ispaniýanyň Kubogynyň ýarym finalynda «Barselona» bilen «Atletiko», «Atletik» bilen «Real Sosýedad» duşuşar

Ispaniýada Patyşanyň Kubogynyň ýarym final duşuşyklarynyň bije çekilişik dabarasy geçirildi. Ýaryşyň bu tapgyrynda toparlar biri-birleri bilen iki oýun oýnar. Ýarym finalda «Barselona» Madridiň «Atletiko» topary bilen duşuşar...