Messiniň indiki oýny ABŞ-nyň futbol taryhynda iň gymmat oýun bolar

  • 03.09.2023 20:51
  • 22k+

Amerikan HBS-niň maglumatlaryna görä, “Inter Maýami” we “Los-Anjeles” toparlarynyň arasyndaky oýun üçin giriş petekleriniň bahalary ABŞ-nyň we Kanadanyň Ýokary futbol ligasynyň (MLS) taryhynda iň ýokary baha boldy diýip, zakon.kz habar berýär.

MLS çempionatynyň çäklerinde “Los-Anjeles” we “Maýami” duşuşygynyň petekleri üçin ortaça baha, takmynan, 690 dollara barabar. Bu öň 110 dollar bolan MLS oýny üçin petegiň adaty bahasyndan 527% ýokarydyr.
Bu oýundan bary-ýogy birnäçe gün öň onlaýn kassalarda iň arzan petek 785 dollara satyldy. Şu ýerde gyzykly tendensiýa üns berildi: Lionel Messiniň gatnaşmaýan oýny ep-esli “arzanlaýar”. Deňeşdirmek üçin: indiki LAF oýny üçin iň arzan petek 80% arzandyr – bir orun üçin 151 dollar.
Bu oýna islegiň ýokary bolmagy “Los-Anjelesiň” MLS-iň iň meşhur toparlarynyň biridigi bilen hem baglanyşyklydyr. Üstesine-de, Los-Anjelese dünýäniň iň meşhur futbolçylarynyň biri geler.
Belläp geçsek, Messiniň amerikan Ligasynda peýda bolmagy petekleriň gymmatlamagyna düýpli täsir etdi. Onuň gatnaşmagynda geçirilen çempionatyň birinji oýnunda petekleriň bahasy adatdakysyndan tas 1000% ýokarydy.


düýn 21:03
1.3k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

düýn 15:42
6.5k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
13k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......