Bonmati UEFA tarapyndan möwsümiň iň gowy zenan futbolçysy saýlandy

  • 01.09.2023 08:16
  • 6.5k+

Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Aýtana Bonmati UEFA tarapyndan 2022/2023-möwsüminiň iň gowy zenan futbolçysy diýlip saýlandy. Bu barada championat.com habar berýär.

Ispaniýaly ýarym goragçy 2023-nji ýylda geçirilen zenanlaryň arasynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň ýeňijisi boldy hem-de bu ýaryşyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. 2022/2023-möwsüminde Aýtana Kataloniýanyň “Barselonasynyň” düzüminde Ispaniýanyň çempionatynda ýeňiş gazandy.
Bonmatiden başga-da, dalaşgärleriň üçlügine dünýä çempionatynyň finalynda ýeke-täk goly geçiren ispaniýaly Olga Karmona we “Çelside” çykyş edýän awstraliýaly Sem Kerr girdi.


düýn 23:43
3.1k+

«Oýunçylar öwülse-de, özüme hem buýsanýaryn»: Lempard «Kowentrini» APL-e çykardy

«Kowentri Siti» futbol kluby 2001-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Angliýanyň premýer-ligasyna (APL) dolanmagyny resmi taýdan kepillendirdi....

düýn 12:16
1.8k+

«Marsel» futbol kluby täze logotipini tanyşdyrdy

Fransiýanyň «Marsel» futbol kluby 2026/2027-nji ýyl möwsüminden başlap ulanyljak täze logotipini hödürledi....

düýn 00:10
7.9k+

Lionel Messi «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy

«Inter Maýaminiň» we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi Ispaniýanyň üçünji diwizionynda çykyş edýän «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy....

17.04.2026 15:01
5.6k+

Ýewropa Ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň çärýek finallarynyň netijeleri belli boldy

17-nji aprele geçilýän gije çärýek final duşuşyklarynyň netijeleri boýunça Ýewropa Ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň ähli ýarym finalçylary belli boldy....