Serdar Berdimuhamedow we Gurbanguly Berdimuhamedow Sadyr Žaparowy gutladylar

  • 31.08.2023 11:28
  • 11k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa we ýurduň ähli doganlyk halkyna Gyrgyz Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

«Gyrgyzystan garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet gurluşyny berkitmekde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we özüniň halkara giňişlikdäki abraýyny has-da ýokarlandyrmakda uly netijeleri gazandy» diýlip, Serdar Berdimuhamedowyň hatynda aýdylýar.
«Gyrgyz Respublikasynyň geçen ýyllaryň dowamynda durmuş-ykdysady ösüşinde we halkyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmakda uly üstünlikleri gazanandygyny bellemek ýakymlydyr. Türkmenistan Gyrgyz Respublikasy bilen ähli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär» diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow hatynda belledi we soňky ýyllaryň dowamynda doganlyk halklarymyzyň arasyndaky ynanyşmagyň, özara düşünişmegiň netijesinde üstünlikli özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä ýetendigini aýratyn nygtady.


20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

18.06.2026 12:31
5.9k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

05.06.2026 18:04
5.7k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....