Mançini Saud Arabystanynyň milli ýygyndysynyň baş tälimçiligine bellenildi

  • 29.08.2023 17:07
  • 13k+

Italiýaly hünärmen Roberto Mançini Saud Arabystanynyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy. Bu barada toparyň «X» (öňki Twitter) sosial ulgamyndaky hasabynda habar berildi.

Şertnamanyň şertlerine görä, Mançini Saud Arabystanynyň milli ýygyndysyna 2026-njy ýyla çenli ýolbaşçylyk eder. Bar bolan maglumatlara görä, italýan hünärmeniniň aýlygy ýylda 20 million ýewro bolar.

«Men Ýewropada taryh ýazdym. Indi Saud Arabystany bilen taryh ýazmagyň wagty geldi» diýip, 58 ýaşly tälimçi wezipä bellenmegi mynasybetli düşürilen wideosynda aýtdy.

13-nji awgustda Mançini 2018-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edip gelen Italiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden aýryldy. Şol bir wagtyň özünde, hünärmen özüniň gitmeginde Italiýanyň Futbol federasiýasynyň prezidenti Gabriele Grawinany günäkärledi. Mançiniň ýolbaşçylygynda topar 2020-nji ýylda Ýewropanyň çempiony boldy we iki gezek UEFA Milletler ligasynyň kümüş medalyny gazandy.
Klub derejesinde Mançini Italiýanyň «Lazio», «Fiorentina» we «Inter» toparlaryny, şeýle hem Angliýanyň «Mançester Siti», Stambul şäheriniň «Galatasaraý» we Sankt-Peterburgyň «Zenit» toparlaryny türgenleşdirdi.


şu gün 14:15
4.2k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

düýn 15:15
11k+

Dünýä çempionatyndaky ilkinji oýnundan öň Angliýanyň milli ýygyndysynyň goşlary ogurlandy

Angliýanyň milli ýygyndysy ABŞ-da geçiriljek dünýä çempionatynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda sport lybaslarynyň we enjamlarynyň ogurlanmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Britaniýanyň «Daily Mail» gazetiniň ýazmagyna......

13.06.2026 17:07
12k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

13.06.2026 16:24
7.4k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......