Finlýandiýa altynjy gezek resmi taýdan dünýäde iň bagtly ýurt diýlip ykrar edildi

  • 27.08.2023 18:03
  • 13k+

Finlýandiýa eýýäm altynjy ýyl dünýäde iň bagly ýurt diýlip resmi taýdan ykrar edildi. Bu ýurt “2023-nji ýyldaky Bütindünýä bagt hasabatynda” görkezilen 137 ýurtdan ybarat sanawda birinji orny eýeledi. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýty habar berýär.

Hasabatda ýaşaýyş hili, sosial goldaw we şahsy erkinlik ýaly görkezijiler göz öňünde tutuldy. Maglumatlaryň esasy çeşmesi bolup Gallup World Poll pikir soraşmasy hyzmat etdi, onuň dowamynda sorag edilýänlere birnäçe soraglara jogap berip, öz durmuşyna 0-dan 10-a çenli şkala boýunça baha bermek tabşyryldy. Her ýyl her ýurtdan 1000-e golaý jogap ýygnalýar.
Bu maglumatlary ulanyp, Bütindünýä bagt hasabaty her bir ýurda 0-dan 10-a çenli baha berdi, bu ýerde 0 – erbedi, 10 – gowyny aňladýar.

Finlýandiýanyň ahyrky netijesi 7,804 boldy. Ikinji we üçünji orunlary Daniýa (7,586) we Islandiýa (7,530) eýeledi. Ilkinji onluk şeýle görnüşde:

  1. Finlýandiýa (7,804);
  2. Daniýa (7,586);
  3. Islandiýa (7,530);
  4. Ysraýyl (7,473);
  5. Niderlandlar (7,403);
  6. Şwesiýa (7,395);
  7. Norwegiýa (7,315);
  8. Şweýsariýa (7,240);
  9. Lýuksemburg (7,228);
  10. Täze Zelandiýa (7,123).

Owganystan (1,859) we Liwan (2,392) pikir soraşmada iň bagtsyz iki ýurt boldy.
Finlýandiýa we onuň demirgazyk goňşulary Daniýa, Islandiýa, Şwesiýa we Norwegiýa sagdyn ömrüň dowamlylygy, korrupsiýa derejesiniň pesligi, sosial goldaw, jemgyýetiň sahylygy, jan başyna düşýän JIÖ we şahsy erkinlik ýaly faktorlar boýunça ýokary baha aldylar. Finlýandiýa netijeli, döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän saglygy goraýyş ulgamy, girdeji deňsizliginiň derejesiniň pesligi we ygtybarly hem elýeterli jemgyýetçilik ulag ulgamy ýaly birnäçe oňyn häsiýetler bilen beýleki ýurtlardan tapawutlanýar.


15.06.2026 10:46
3.1k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.8k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
7.1k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....