Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

  • 26.08.2023 23:52
  • 21k+

Şu gün, 26-njy awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy we  olaryň işini döwrebap derejede alyp barmak bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. 

Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow, Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde görkezilýän şekil taslamalary hem-de gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän muzeýiň içki bezeg aýratynlyklaryna, muzeýiň otaglarynyň abadanlaşdyrylyşyna degişli   taslamalary synlap, muzeýiň bezeg aýratynlyklarynda milli binagärlik ýörelgelerinden ugur alynmalydygyny, şunda muzeýde ýerleşdiriljek milli gymmatlyklaryň özboluşly sazlaşygyna möhüm üns berilmelidigini belledi.
Şeýle hem bu ýerde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda  bina ediljek desgalaryň, hususan-da, muzeýiň hem-de Arkadag şäheriniň Baş metjidiniň içki we daşky bezeg işlerinde ulanylmagy meýilleşdirilýän mermer daşlarynyň görnüşleri görkezildi.
Şeýle hem bu ýerde Köpetdagyň belent gerişleriniň birinde ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýän Arkadag şäheriniň adynyň ýazgysynyň görnüşleri hem görkezildi. Gurbanguly Berdimuhamedow olary synlap, ýazgynyň uzaklardan görünmelidigini, onuň gözegelüwli, özüneçekiji bolmalydygyny, aýratyn-da, ýazgynyň yşyklandyryş ulgamyna häzirki zamanyň ösen tejribesine laýyklykda çemeleşilmelidigini belledi.


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......