Mary welaýatyndan Döwletjan Öwezmyradow Türkmenistanda ýylyň ussat bagbany boldy

  • 26.08.2023 15:04
  • 17k+

Her ýylda bagbanlaryň arasynda geçirilýän “Ussat bagban” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. Bu hünär bäsleşigi Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilelikde geçirdi.

Bäsleşikde onuň welaýat tapgyrlarynda ýeňiji bolan bagbanlar ýaryşdylar.
Bäsleşik üç şert boýunça dowam etdi. Birinji şerte laýyklykda, bagbanlar Türkmenistanyň gözel tebigatyny, türkmen topragynda ýetişýän datly miweleri wasp etdiler.
Bäsleşigiň ikinji şertinde bolsa, bagbanlarda öz kärende we berkidilen ýerlerinde ýetişdirýän baglary barada wideoşekilleriň üsti bilen gürrüň berdiler. Şeýle hem köp ýyllarda toplan tejribelerini paýlaşdylar. “Ussat bagban” bäsleşiginiň soňky şertine laýyklykda, bagbanlar ýörite taýýarlanan sowalnamalar esasynda bagbançylyk hünäri, ekologiýa, tebigaty goramak baradaky soraglara jogap berdiler.
Gyzykly geçen bäsleşigiň netijesinde, eminler topary tarapyndan Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň kärendeçisi Döwletjan Öwezmyradow Baş baýraga mynasyp görüldi.
Döwletjan Öwezmyradow 25 sotka mellek ýerinde hurma agajynyň ýüzden gowrak görnüşini ýetişdirýär. Her düýp hurma agajyndan 100-den 150 kilograma çenli hasyl alýar. Şeýle hem 50 düýp limon agajyny ýetişdirýär. Her düýp limon agajy 700-900 sany limon hasylyny getirýär.
Bäsleşige gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.


düýn 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.6k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.3k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......