Bentley 88 dollara erkekleriň täze hoşboý ysly atyryny satuwa çykardy

  • 26.08.2023 13:40
  • 10k+

Bentley nobatdaky atyryny çykardy: bu gezek ol erkekler üçin niýetlenen bolup, iňlis brendiniň awtoulaglarynyň “aýratyn gara” modifikasiýalaryna meňzeş stilde ýasaldy. Aňrybaş, deri ysynyň äheňindäki hoşboý ysyň bir çüýşesiniň bahasy 69 funt sterling (88 dollara sähel ýetenok).

Firmanyň hasaplamalaryna görä, alyjylaryň takmynan 40% -i Bentley-niň daşy gara bezegli “Blackline” görnüşini saýlaýarlar. Bentley for Men Black Edition Eau de Parfum atly täze atyr hut şolar üçinem niýetlenendir.
Hoşboý ysyň ilkinji, iň täze tolkuny benewşäniň we mandariniň yslaryny berýär. Soň bolsa ol paçuliniň we ýaseminiň ysy bilen açylýar, agyr şleýf fazasy kedr, müşk, deri we temmäki alamatlaryndan durýar. Hoşboý ysyň awtory Doroti Pio atyryň berýän duýgusyny täze awtoulagyň ysy bilen deňeşdirýär.
Çüýşäniň dizaýny awtoulaglarda ulanylýan stilde ýasalýar. Ol gara aýnadan ýasalyp, üstünde ýalpyldawuk kümüş bölegi bilen bezelipdir - awtoulagyň kapotundaky maskota ýykgyn edýär, köplenç, hatda Blackline bezeglisi saýlananda hem hromly bolmagynda galýar.

12.05.2026 18:30
1.6k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.4k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

05.05.2026 23:18
1.5k+

Armani/Casa Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlanan mebel kolleksiýasyny görkezdi

Armani/Casa studiýasy Milan dizaýn hepdeliginde täze mebel kolleksiýasyny görkezdi. Ekspozisiýa Origins diýip atlandyryldy we Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlandy....

25.04.2026 15:42
3.3k+

Chanel-den 4 million dollarlyk küşt toplumy

Ženewada geçirilen «Watches & Wonders 2026» sergisinde Chanel moda öýi özüniň «Coco Game» atly täsin küşt toplumyny görkezdi. Bu toplum, oýun esbaby däl-de, hakyt ajaýyp sungat eserine meňzeýär....