Gurbanguly Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň Daşary işler ministri bilen duşuşdy

  • 24.08.2023 18:58
  • 7.6k+

Şu gün, 24-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň Daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad Al Maliki bilen duşuşdy. Bu barada Halk Maslahatynyň saýty habar berýär.

Türkmen-palestin hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alyşmalaryň barşynda Halk Maslahatynyň Başlygy we myhman döwletlerimiziň arasyndaky syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň dostluk, ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak esasynda depginli ösýändigini kanagatlanma bilen nygtadylar.
Uzak möhletli geljege gönükdirilen özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary ýol goýmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyna aýratyn üns berildi.
Nygtalyşy ýaly, iki ýurduň arasynda netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we işewürleriň hem-de telekeçileriň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak maksadalaýyk hasaplanylýar. Nebit-himiýa we dokma senagatynyň, oba hojalyk we gaýtadan işleýän pudaklaryň önümleriniň, dürli azyk harytlarynyň eksportyna, sanly tehnologiýalara  geljegi uly ugurlar hökmünde garalýandygy nygtaldy.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......