Madonna konsertinde Britni Spirsiň hem çykyş etmegini isleýär

  • 24.08.2023 13:21
  • 10k+

Madonna Britni Spirsiň dünýä boýunça ýubileý gezelenç konsertinde (turynda) sahnada özi bilen bilelikde çykyş etmegini isleýär.

Bellenilmegine görä, 65 ýaşly Madonna 41 ýaşly Britni Spirs bilen bilelikdäki «Me Against the Music» atly hit aýdymynyň 20 ýyllygyny bellemegi meýilleşdirýär.
Aýdymçylar köpden bäri dostlukly gatnaşykdadyrlar, hatda olar şol bir agent bilen hyzmatdaşlyk edýärler. 2022-nji ýylyň iýun aýynda Madonna Britni Spirsiň Sem Asgari bilen durmuş toýunda myhmanlaryň arasynda boldy. Onda aýdymçylar bilelikde «Vogue» aýdymyny aýtdylar.
2003-nji ýylyň awgust aýynda «MTV Video Music Awards» dabarasynda ýyldyzlar meşhurlyk gazanan bilelikdäki çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Spirs 2008-nji ýylyň noýabr aýynda Madonnanyň «Sticky & Sweet Tour» turynda hem sahnada çykyş etdi.

05.06.2026 13:07
4.4k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.5k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.8k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....