Gwardiola gyssagly operasiýa geçirenligi sebäpli, “Mançester Sitiniň” birnäçe oýnuny sypdyrar

  • 23.08.2023 20:42
  • 18k+

Angliýanyň "Mançester Siti" futbol klubunyň baş tälimçisi Hosep Gwardiola Barselonadaky keselhanada gyssagly ýagdaýda arka oňurgadan edilen operasiýasyny üstünlikli geçirdi. Tälimçi şol sebäpli toparyň birnäçe oýnuny sypdyrmaly bolar. Bu barada iňlis klubunyň metbugat gullugy habar berdi.

Tälimçiniň halkara oýunlary üçin arakesmeden soň sentýabryň ortalarynda klubuň çägine gaýdyp gelmegine garaşylýar. Gwardiola ýok wagtynda onuň wezipelerini kömekçi Huanma Lilýo öz üstüne alar.
Gwardiola 2016-njy ýylyň tomsundan bäri “Mançester Sitä” ýolbaşçylyk edýär. Bu döwürde ol Angliýanyň çempionatynda bäş gezek, ýurduň kubogyny we Super kubogyny - hersini iki gezekden, dört gezek  Angliýanyň ligasynyň kubogyny, Çempionlar ligasyny we UEFA Super kubogyny – hersini bir gezekden gazandy. Ondan öň ol nemes "Bawariýa"-syna we Ispaniýanyň "Barselona" toparyna tälim berdi. Umuman alanyňda, Gwardiolanyň 36 topar kubogy bar.
2022/23 möwsüminiň ahyrynda Gwardiola 31-nji awgustda geçiriljek Ýewropa Futbol Assosiasiýalary Bileleşiginiň (UEFA) ýylyň iň gowy tälimçisi adyna dalaşgär görkezildi.


düýn 15:42
4.8k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
12k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
11k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.8k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......