Anri Fransiýanyň ýaşlar ýygyndysynyň tälimçisi boldy

  • 22.08.2023 16:26
  • 6.5k+

Fransiýanyň Futbol federasiýasy (FFF) resmi web sahypasynda Týerri Anriniň ýurduň Olimpiýa we ýaşlar ýygyndysynyň (21 ýaşa çenli oýunçylar) baş tälimçisi wezipesine bellenendigini habar berdi.

Anriniň dalaşgärligi duşenbe güni FFF-niň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan tassyklandy. 46 ýaşly hünärmen bilen baglaşylan şertnama 2025-nji ýyla çenli hereket edýär. Anriniň ýolbaşçylygynda Fransiýanyň ýaşlar ýygyndysy 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda çykyş eder we ýaşlaryň arasynda Ýewro-2025-e gatnaşmak üçin göreşer.
Fransiýanyň ýaşlar ýygyndysynyň baş tälimçiligi wezipesinde Anri Silwen Ripollyň ornuna bellenildi. Anriniň kömekçisi «Anjeniň» öňki tälimçisi Žerald Batikl bolar.
Ondan öň Anri Belgiýanyň milli ýygyndysynda (2016-2018, 2021-2022) tälimçiniň kömekçi bolup işledi. Şeýle hem ol «Monako» we Kanadanyň «Monreal» toparlaryna ýolbaşçylyk etdi. Anri «Monakonyň» düzüminde Fransiýanyň çempiony, «Arsenalyň» düzüminde iki gezek Angliýanyň çempiony we «Barselona» bilen iki gezek Ispaniýanyň çempiony boldy. Futbolçy Fransiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde dünýänyň (1998) we Ýewropanyň (2000) çempiony boldy, şeýle hem dünýä çempionatynda (2006) kümüş medal gazandy.


düýn 14:33
9.8k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.8k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......