Neýmar transfer tölegleri boýunça rekord goýdy

  • 21.08.2023 23:59
  • 25k+

Braziliýaly futbolçy Neýmar maliýe rekordyny goýdy. Onuň üçin futbol toparlarynyň tölän serişdeleri dört ýüz million ýewro ýetdi diýip, MIR24 habar berýär.

Neýmar – iň köp isleg bildirilýän futbolçylaryň biridir. Futbol toparlary braziliýaly oýunçy üçin pul serişdelerini gysganmaýarlar, ol bolsa muny artygy bilen ödeýär. Neýmaryň ähli transferleri üçin harçlanan serişdeler bilen «Spartak» toparynyň dört sany düzümini, üç sany «Zenit», Amsterdamyň «Aýaks» toparynyň ikisini ýa-da Londonyň «West Hem» toparyny satyn alyp bolardy.
Braziliýaly ýyldyz karýerasyna öz ýurdunyň çempionatynda başlady, şol wagt hem iň zehinli dribler, Ronaldonyň we Peleniň mirasdüşeri diýen derejäni aldy. 2013-nji ýylda «Barselona» ony «Santosdan» 88 milliona satyn aldy, dört möwsümden soň kataloniyalylar girdejili şertnama baglaşyp, Neýmary 222 milliona Pariže satdylar. Ine, indi hem «Al-Hilal» «PSŽ -niň»hüjümçisi üçin 90 million töledi. Üç transfer üçin toparlar rekord derejede jemi 400 million ýewro sarp etdiler.
Neýmar bu görkezijide rekordyň eýesidir. Bir oýunçy üçin sarp edilen pul mukdary boýunça ikinji ýerde belgiýaly Romelu Lukaku barýar, ol çykyş edýän toparyny ýedi gezek üýtgetdi (333 million ýewro). Üçünji orny portugaliýaly zehin Kriştianu Ronaldu eýeleýär, onuň dört transferi üçin 247 million ýewro gerek boldy.
Neýmar Olimpiýa çempiony, Ispaniýanyň we Fransiýanyň çempionatlarynyň birnäçe gezek ýeňijisi, Çempionlar ligasynyň kubogynyň we UEFA-nyň Superkubogynyň eýesidir.


düýn 23:07
2.4k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.8k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....