«Çandraýan-3” kosmos stansiýasy Aýa gonmaga taýýarlyk işlerine başlady

  • 19.08.2023 13:22
  • 6.9k+

Hindistanyň «Çandraýan-3» awtomatiki planetaara stansiýasy Aý orbitasyndan aýlawyny tamamlady we Aýa düşmeziniň öň ýanyndaky soňky tapgyra - gonuş we hereketlendiriji modullarynyň bölünmegine taýýarlanýar. Bu barada Hindi kosmos gözleg guramasy (ISRO) habar berdi.

"Bu gün hereketlendirijiniň gysga möhletli işledilmegi “Çandraýan-3-i”, meýilleşdirilişi ýaly, 163 km-lik orbitada 153 kilometre çykardy. Şunlukda, onuň Aýa uçmak bilen bagly hereketleri tamamlandy" diýip, ISRO X (öňki Twitter) sosial ulgamynda ýazdy.

Kosmos gullugy: "Indi hereketlendirijili modul bilen gonuş moduly öz aýratyn uçuşlaryna taýynlyk görýärkä, awtomatiki stansiýanyň düşmegine taýýarlanmagyň wagty geldi" - diýdi. ISRO "gonuş modulynyň hereketlendirijili moduldan aýrylmaly wagtynyň 2023-nji ýylyň 17-nji awgustyna meýilleşdirilendigini" düşündirdi.
Ondan öň ISRO-nyň başlygy Şridhara Somanath “Çandraýan-3” -iň Ýeriň hemrasynyň üstüne gonmagynyň 23-nji awgustda meýilleşdirilendigini habar beripdi.
Hindi Aý missiýasyna 14-nji iýulda badalga berildi. Bu missiýa üstünlikli amal edilen ýagdaýynda, Hindistan (SSSR-den, ABŞ-dan we Hytaýdan soň) Aýda apparatyny gonduran dördünji ýurt bolar.

şu gün 06:43
949

NASA Argentinada ägirt uly ýürek şekilli reňkli köli görkezdi: ýöne onuň reňki näme sebäpden gülgüne?

NASA Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatyndaky Salinas-Las-Barrankas duzly howdanynyň gaýtalanmajak suratyny çap etdi. Giňligi takmynan 10 kilometre barabar bolan we ýürek şekilini ýatladýan bu suw howdany......

düýn 23:18
684

π0.7 roboty öň öwredilmedik işleri-de ýerine ýetirip başlady

San-Fransiskoda ýerleşýän Physical Intelligence kompaniýasy robotlar üçin niýetlenen täze π0.7modelini tanyşdyrdy. Bu model robotlara öň hiç wagt öwredilmedik işlerini ýerine ýetirmäge-de mümkinçilik berýär.......

düýn 23:05
510

Parallel aň: Alymlar beýnide astrosit esasly ikinji aragatnaşyk ulgamyny tapdylar

Nýu-Ýork uniwersitetiniň alymlary uzak wagtlap diňe kömekçi öýjükler hasaplanýan astrositleriň beýnide özleriniň giň aragatnaşyk ulgamyny emele getirýändigini anykladylar....

12.05.2026 23:21
6.5k+

Mehiko her aýda 1,5 santimetr ýere çökýär: NASA howply ýagdaýy hasaba aldy

NASA-nyň radiolokasiýa ulgamynyň maglumatlaryna görä, Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheri her aýda ortaça 1,5 santimetr ýere çökýär....