Arslan Designer atelýesi toý dabaralary üçin kürteleri amatly bahadan kärendesine berýär

  • 17.08.2023 19:18
  • 56k+

Kürteler türkmen milli toý dabaralarynyň möhüm düzüjisidir. Hut şonuň üçin hem durmuş toýlarynda kürte saýlamaklyga aýratyn üns berilýär. Aşgabatdaky Arslan Designer atelýesi bolsa toý dabaralary üçin kürteleriň giň toplumyny amatly bahadan kärendesine hödürleýär.

Arslan Designer atelýesi islendik adamyň göwnünden turjak, başga hiç ýerde gabat gelmejek dizaýnda görnüşleriň bardygyny kepillendirýär.
Şeýle hem Arslan Designer atelýesinde baýramçylyk milli lybaslaryny tikip bermek hyzmaty hem bar. Atelýeniň işine ussat tikinçileri gyz-gelinler üçin milli äheňlerde baýramçylyk lybaslarynyň özboluşly nusgalaryny döredýärler. Egin-eşikler mahmaldan, ýüpekden, keteniden we beýleki matalardan tikilip, el keşdeleri bilen bezelýär.
Arslan Designer atelýesinde şeýle hem milli äheňde tikilen gelinlik lybaslary hem-de maşgala agzalary üçin dürli lybaslary kärendesine alyp bolýar.
Arslan Designer atelýesinde şeýle hem gelinlik üçin kümüş şaý-sepleri hem kärendesine alyp bolýar.

Arslan Designer atelýesi Aşgabat şäherinde Bitaraplyk şaýolunyň ugrunda Maksat Mebel binasynda ýerleşýär.
Iş wagty: 8:00-20:00 çenli
Telefon: (+993 65) 27-17-51.
Instagram: @arslan_designer

düýn 18:39
2.3k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....

25.05.2026 17:25
4k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
8.2k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....