Saud Arabystany Çempionlar ligasyna gatnaşmak isleýär

  • 17.08.2023 16:33
  • 17k+

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy ýurduň çempionatynda ýeňiji bolan toparyň Çempionlar ligasyna gatnaşmagy üçin ýörite çakylyk (wild card) bermek haýyşy bilen Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup biler diýip, RIA Nowosti «Corriere dello Sport» neşirine salgylanyp habar berýär.

Saud Arabystanynyň futbol toparlary 2024/25-nji möwsümden başlap, Çempionlar ligasyna gatnaşmaga mümkinçilik almak isleýärler, şonda toparlaýyn tapgyryň ýerine şweýsar ulgamyna laýyklykda oýnaýan 36 toparyň gatnaşmagynda täze format dörediler.
Munuň «Al-Ittihad», «Al-Ahli», «Al-Nasr» ýa-da «Al-Hilal» ýaly toparlara has uly halkara abraýyny gazanmaga, Ýewropanyň iň gowy futbol toparlary bilen güýç synanyşmaga hem-de bu düzüme we oýunçylara sarp edilen serişdelere garamazdan, bar bolan korporatiw yzagalaklygy aradan aýyrmaga mümkinçilik berjekdigi bellenilýär.
Häzirki wagtda Saud Arabystanynyň futbol toparlary iki halkara ýaryşyna gatnaşýarlar: Arap çempionlarynyň kubogy we Aziýa futbol konfederasiýasynyň Çempionlar ligasy (AFK).


düýn 15:42
5.4k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
12k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......