NASA awgustda Ýeriň golaýyndan howply asteroidiň uçup geçjekdigini habar berdi

  • 09.08.2023 17:18
  • 31k+

6037 asteroidi (1988 EG) 23-nji awgustda Ýere 6 million kilometr töweregi aralyga golaý geler. Bu barada ABŞ-nyň Aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça ABŞ-nyň Milli müdirliginiň Ýeriň töweregindäki obýektleri öwrenýän merkeziniň saýty habar berýär.

Ýere 7,5 mln km-den az aralyga golaý gelýän kosmiki obýektler potensial taýdan howply hasaplanylýar. 6037 asteroidi 23-nji awgustda aşgabat wagty bilen 13:18-de Ýere iň minimal aralyga — 6,1 mln km golaý geler. Şol bir wagtda ol Ýeriň orbitasyndan geçer.
Asteroidiň diametri 430-dan 960 metre ýetýär, tizligi — 14,3 km/s.


15.06.2026 22:20
5.6k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

11.05.2026 11:37
5.1k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

18.04.2026 23:36
4.2k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.3k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...