Nike iň meşhur krossowka brendi diýip atlandyryldy

  • 08.08.2023 23:59
  • 13k+

Nike kompaniýasy krossowka bazarynyň 18 %-ni eýeleýär we bu ugurda öňdebaryjydyr. Bu barada Statista habar berilýär.

Statista Market Insights-yň habaryna görä, ikinji orunda Nike-yň eýeçiligindäki we bazaryň 11 %-ni eýeleýän Jordan brendi durýar. Adidas 9 % bilen üçünji, Skechers we Vans 7 % bilen dördünji we bäşinji, MoonStar brendi 5% bilen altynjy orunda durýar. Nike-yň eýeçiligindäki New Balance and Converse bazaryň 4 göterimini eýeledi.
Statista-nyň seljerijileri häzirki wagtda krossowka bazarynyň möçberiniň 75 milliard dollardygyny çaklaýarlar. 2028-nji ýyla çenli takmynan 100 milliard dollara ýeter diýlip garaşylýar.
Nike kompaniýasy 1964-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Fil Naýt tarapyndan esaslandyryldy we başda Blue Ribbon Sports diýlip atlandyryldy. Bu brende 1978-nji ýylda Nike diýip at berildi. Kompaniýa häzir Nike brendi we Nike Golf, Nike Pro, Nike +, Air Jordan, Nike Blazers, Air Force 1, Nike Dunk, Air Max, Foamposite, Nike Skateboarding, Nike CR7, Hurley International we Converse markaly harytlary satýar.


düýn 10:53
2k+

FT: ABŞ-nyň ösen kompaniýalary emeli aň zerarly 52 müň işgäri işden çykarmaga taýýarlanýar

ABŞ-nyň iri kompaniýalary emeli aň tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy we zähmet bazaryndaky ösüşiň haýallamagy sebäpli 52 müňe golaý işgäri azaltmagy meýilleşdirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...

25.12.2025 11:05
2.9k+

Tim Kuk Nike-yň 3 million dollarlyk paýnamasyny satyn aldy, şondan soň olaryň bahasy 5% ýokarlandy

Apple-yň baş direktory Tim Kuk Nike kompaniýasynyň takmynan 3 million dollarlyk paýnamasyny satyn aldy. Reuters agentliginiň habar bermegine görä, işewür kompaniýanyň çärýeklik hasabatynyň gowşak çykmagy sebäpli nyrhlar pese gaçandan soň, her biri 58,97 dollardan bolan 50 müň sany paýnamany satyn aldy...

20.10.2025 17:43
1.9k+

Forbes zenanlar üçin iň gowy kompaniýalaryň reýtingini düzdi: Netflix, Apple we Coca-Cola

Soňky ýüz ýylda dünýäniň köp böleginde zenanlaryň iş şertleri düýpli üýtgedi – häzirki günde olar giň mümkinçiliklere we hukuklara eýe bolup, köp kärde zähmet çekip bilýär. Şeýle-de bolsa, Deloitte Global Women @ Work 2025 gözleginiň görkezişi ýaly, deňlik barada gürlemekden entek ir...

23.03.2025 18:47
3.4k+

Nike satuwlarynyň 20%-e çenli pese gaçyp biljekdigini duýdurdy

Sport harytlaryny, egin-eşikleri we aýakgaplary öndürýän dünýäniň iň iri korporasiýalaryndan biri bolan Nike şu çärýegiň ahyrynda satuwlarynyň pese gaçyp biljekdigini duýdurdy. Munuň sebäbi bolsa, ABŞ-nyň hökümeti...