«Arsenal» Angliýanyň Superkubogyny gazandy

  • 07.08.2023 13:34
  • 10k+

«Arsenal» futbol kluby «Mançester Sitiden» üstün çykyp, 17-nji gezek Angliýanyň futbol boýunça Superkubogyny eýeledi.

«Uembli» stadionynda geçirilen duşuşygyň esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlandy. 11 metrlik jerime urgularynda «Arsenal» 4:1 hasabynda ýeňiş gazandy.
Soňky gezek «Arsenal» Angliýanyň Superkubogyny 2020-nji ýylda gazanypdy.
Angliýanyň Superkubogy ugrundaky ýaryşda ýurduň çempiony bilen Kubogynyň eýesi duşuşýar. Geçen möwsümde bu iki baýragy hem «Mançester Siti» eýeledi. «Arsenal» çempionatda ikinji orny eýelän klub hökmünde Superkubokda çykyş etdi.


düýn 03:30
7.8k+

«PSŽ» bassyr ikinji ýyl Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» topary yzygiderli ikinji möwsüm UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. Ol ýaryşyň finalynda Angliýanyň «Arsenal» klubuny utdy. Aýgytlaýjy duşuşyk Budapeşt şäheriniň «Puşkaş......

30.05.2026 18:13
4.1k+

«Liwerpul» Arne Sloty wezipesinden boşatdy

«Liwerpul» toparynyň baş tälimçisi Arne Slot eýeleýän wezipesinden gitdi. Bu barada klubuň metbugat gullugy habar berýär....

30.05.2026 11:32
6.8k+

«Real» 7-nji iýunda klubuň prezidentini saýlar: Peresiň indi bäsdeşi bar

Madridiň «Real» futbol klubunyň prezidentiniň saýlawlary 7-nji iýunda geçiriler. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär....

30.05.2026 11:26
9.1k+

TFF-iň başlygy Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasynyň wise-prezidenti saýlandy

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň (TFF) başlygy Guwançmuhammet Öwekow Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasynyň (CAFA) wise-prezidenti wezipesine saýlandy. Bu çözgüt 26-njy maýda onlaýn formatda geçirilen......