Ýaşap geçen Ýer ýüzünde iň agyr kit ýüze çykaryldy

  • 05.08.2023 16:49
  • 41k+

Alymlar Ýerde ýaşap geçen iň agyr jandar diýen ada mynasyp bolup biljek gadymy kitiň galyndylaryny ýüze çykardylar. Bu barada lenta.ru «Nature» žurnalyndaky maglumatlara salgylanyp habar berýär.

Täze görnüş Perucetus colossus diýlip atlandyryldy, bu at sözme-söz terjime edilende «Perudaky ägirt uly kit» diýmekdir. Onuň galyndylary Perunyň günorta-gündogaryndaky Ika sebitinde ýerleşýän kert gaýaly eňňitden tapyldy. Bu ýerler gadymy döwürlerde deňziň düýbi eken, şonuň üçin hem bu ýerden deňiz jandarlarynyň daşa öwrülip giden galyndylary tapylýar.
Gadymy jandaryň 13 sany oňurga süňki, 4 sany gapyrgasy we but süňki tapyldy. Her oňurga süňküniň agramy 100 kilograma deňdir, gapyrgalaryň uzynlygy bolsa 1,4 metre ýetýär. Galyndylaryň ýaşy 39 million ýyl diýlip hasaplanýar. Tapylan süňkler häzirki deňiz jandarlarynyňky bilen deňeşdirilende, gadymy kitleriň agramynyň 85 – 340 tonna aralygynda bolandygy ýüze çykaryldy. Iň uly jandar hasaplanýan gök kitleriň agramy bolsa 180 tonna ýetýär. Gadymy kitiň uzynlygy 20 metre ýetipdir, käbir gök kitler bolsa 30 metre çenli ýetip bilýärler. Şeýlelikde, Perucetus colossus iň uly jandar bolmasa-da, iň agyr jandar bolupdyr. Muňa onuň gök kitiňkä görä has agyr we dykyz süňkleri mümkinçilik beripdir. Onuň, esasan, deňziň kenarýaka çäklerinde ýaşandygy çaklanylýar. Emma onuň kelleçanak süňki bolmazdan, nädip iýmitlenendigini bilmek kyn. Şonda-da, onuň ownuk deňiz jandarlary bilen iýmitlenendigi hakynda çaklamalar bar.

düýn 20:25
5.1k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
6.2k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
4.9k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
2.1k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......