Gün ulgamynda iki sany ekzoplaneta tapyldy

  • 02.08.2023 11:44
  • 18k+

Halkara astronomlar topary Gün ulgamynyň çetki çäklerinde iki sany ekzoplanetany ýüze çykardylar. Mälim bolşuna görä, olaryň her biri Ýerden, azyndan, 4 esse uly diýip, lenta.ru habar berýär.

Ekzoplanetalar Ýerden, takmynan, 30,7 ýagtylyk ýyly uzaklykday GJ 367 ulgamynda (şeýle hem TOI-731 ýa-da TIC 34068865 ulgamlary diýlip atlandyrylýar) ýerleşýärler. Olar Günden göwrümi we agramy boýunça iki esse kiçi bolan gyzyl ýyldyzyň daşyndan aýlanýarlar.
Gözegçilik işleri Çilidäki La-Silýa obserwatoriýasyndaky teleskopynda ornaşdyrylan «HARPS» spektografy hem-de NASA-nyň «TESS» emeli hemrasy arkaly alnyp baryldy. Astronomlar ýyldyzyň daşyndan aýlanýan iri jisimler sebäpli şöhlelenmesiniň tizligini kesgitlediler. Munuň üçin üç ýylyň dowamynda ýokary takyklykly ölçeg işleri geçirildi.
GJ 367 ekzoplanetasy Ýeriň 4,13 esse agramyna eýedir we onuň çak edilýän radiusy Ýeriňkiden 1,6 esse uludyr. Ol ýyldyzynyň daşyndan 11,5 günde bir aýlaw edýär. GJ 367 d planetasy bolsa Ýerden, azyndan, 6 esse, radiusy bolsa 1,7 esse uludyr. Ol ýyldyzynyň daşyndan 34 günde bir aýlaw edýär.

şu gün 06:43
949

NASA Argentinada ägirt uly ýürek şekilli reňkli köli görkezdi: ýöne onuň reňki näme sebäpden gülgüne?

NASA Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatyndaky Salinas-Las-Barrankas duzly howdanynyň gaýtalanmajak suratyny çap etdi. Giňligi takmynan 10 kilometre barabar bolan we ýürek şekilini ýatladýan bu suw howdany......

düýn 23:18
684

π0.7 roboty öň öwredilmedik işleri-de ýerine ýetirip başlady

San-Fransiskoda ýerleşýän Physical Intelligence kompaniýasy robotlar üçin niýetlenen täze π0.7modelini tanyşdyrdy. Bu model robotlara öň hiç wagt öwredilmedik işlerini ýerine ýetirmäge-de mümkinçilik berýär.......

düýn 23:05
510

Parallel aň: Alymlar beýnide astrosit esasly ikinji aragatnaşyk ulgamyny tapdylar

Nýu-Ýork uniwersitetiniň alymlary uzak wagtlap diňe kömekçi öýjükler hasaplanýan astrositleriň beýnide özleriniň giň aragatnaşyk ulgamyny emele getirýändigini anykladylar....

12.05.2026 23:21
6.5k+

Mehiko her aýda 1,5 santimetr ýere çökýär: NASA howply ýagdaýy hasaba aldy

NASA-nyň radiolokasiýa ulgamynyň maglumatlaryna görä, Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheri her aýda ortaça 1,5 santimetr ýere çökýär....