Çempionlar ligasynyň ýeňijisi Riýad Marez hem saud klubuna geçdi

  • 29.07.2023 11:11
  • 13k+

Alžirli hüjümçi Riýad Marez «Mançester Siti» iňlis klubundan Saud Arabystanynyň «Al-Ahli» klubuna geçdi. Bu barada «Mançester Sitiniň» metbugat gullugy habar berýär.

Futbolçy bilen şertnama 2027-nji ýyla çenli niýetlenen. Öň La Gazzetta dello Sport italýan neşiriniň žurnalisti Nikolo Skiranyň habar bermegine görä, saud kluby Mareziň transferi üçin 35 million ýewro töleýär, oýunçynyň ýyllyk aýlygy bolsa 30 million ýewro bolar.
Marez 32 ýaşynda, ol «Sitide» 2018-nji ýylyň tomsundan bäri çykyş edip gelýärdi. Iňlis klubunyň düzüminde ol dürli ýaryşlarda 236 oýna gatnaşdy, 78 gol we 59 asist etdi. «Siti» bilen dört gezek Angliýanyň çempiony, üç gezek Liga kubogyny, iki gezek — Angliýanyň Kubogyny, bir gezek Çempionlar ligasyny we Angliýanyň Superkubogyny gazandy.
 


şu gün 14:25
6.6k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

şu gün 10:36
2.6k+

«Real» Bernardo Silwany alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» ýarymgoragçy Bernardo Silwanyň toparyna goşulandygyny yglan etdi. Portugaliýaly futbolçy şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň «Mançester Sitini» terk etdi we karýerasyny Ispaniýada dowam......

şu gün 09:54
1.2k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

düýn 13:03
14k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......